1992-nji ýyla çenli Mirsada Tursunowiçiň öňünde durmuş planlary bardy. Ol dogduk şäheri Zwornikde ýazuwçy bolmak isläpdi. Emma Bosniýa-Gersegowinadaky söweş hemme zady üýtgedi. Ol 18 ýaşynda Kaparde konslagerinde zorlandy.
Tursunowiç şondan soň arzuwlaryna eýermegiň ýerine bolan ýagdaýlaryň agyr netijelerinden saplanmak bilen bolmaly boldy.
"Olar meni gymyldap bilmeýän aýaly geýdirmäge kömek etmek üçin alyp gitdiler. Men ony gördüm, soň bolsa [esger] maňa derrew özi bilen ýokarky gata gitmegi buýurdy" - diýip Mirsada gürrüň berýär.
"Ol sögünip başlady we maňa geýimlerimi çykarmagy tabşyrdy. Şoda men titräp başladym. Näme boljagyna düşündim."
Adila Suljewiç bu ýerden 70 km uzaklykdaky Brçko şäherinde ýaşaýardy.
Şol wagt ol 27 ýaşyndady, durmuşa çykyp, egin-eşik pudagynda işleýärdi.
Ol Tursunowiçi bilmeýärdi, olar birek-birege baky baglanyşykly boljagyny göz öňüne getirip bilmeýärdi.
"Men mümkin bolan ähli şikesleri başdan geçirdim. Meni üç gezek ýaragyň nyşanyna tutdular" - diýip, Adila aýdýar.
Ol uruş wagtynda esger tarapyndan zorlandy.
"Men erkinlige ýetenimden soň, aýrylyşdym, sebäbi ilkinji adamymdan köp kemsitmelere sezewar boldum."
Tursunowiçi zorlan ýurtdan gaçdy. Suljewiç özüne garşy edilen jenaýat barada habar berdi, ýöne oňa özüni zorlan esgeriň uruşda ölendigi aýdylypdyr.
Dargan durmuşlar, agyr şikesler we öz hukuklary ugrundaky göreş Bosniýadaky söweşlerde zorlanan müňlerçe aýal üçin ajy hakykatdyr.
Bu aralykda, zorlamaklyga we aýallara garşy beýleki jenaýatlara baş goşanlaryň köpüsi henizem erkinlikde gezýärler.
"Özüňiziň zorlanandygyňyz barada aýtmak aňsat däl" - diýip, "Foca 92-95" arly uruş pidalary birleşiginiň wekili Midheta Kaloper Oruli aýtdy.
"Bur jümläniň agramyna we agyrysyna düşünýän barmy?" diýip, ol belledi.
Adamzada garşy jenaýat
Bosniýanyň gündogaryndaky Foka sebiti bosniýaly serbleriň ýolbaşçylygyndaky etnik arassalaýyşlardan, adam öldürmek we zorlamak kampaniýasyndan köp ejir çeken ýerdi.
Obalaryň we ilatyň durmuşynyň weýran bolmagynyň köpüsi öňki Ýugoslawiýa boýunça Halkara Jenaýat tribunaly tarapyndan Bosniýada musulmanlara garşy edilen adamzada garşy jenaýat hökmünde dokumentleşdirildi.
Kaloper Oruliniň dogduk şäheri Fokada bolup geçen elhenç jenaýatlar sebäpli, Halkara Jenaýat tribunaly jynsy gulçulygy adamzada garşy jenaýat hökmünde kesgitledi.
"Zorlamak ýalňyşlyk däl, gynandyryjy waka däl, utandyryjy zat däl. Zorlamak jenaýatdyr" diýip, Kaloper Oruli aýtdy.
Bosniýada bolup geçen wakalar ýeke-täk bir waka däl.
NATO-nyň aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça ýörite wekili Irene Felliniň pikiriçe, Bosniýadaky we Ruandadaky söweşler konfliktlerde jynsy zorluk meselesine ünsi artdyrdy.
Şeýle zorluk henizem bolup geçýän hem bolsa, jogapkärçilik medeniýeti üýtgäp başlady.
Birleşen Milletler Guramasy 2015-nji ýylyň 19-njy iýunynda konflikt bilen baglanyşykly jyns zorlugyny söweş taktikasy hökmünde ykrar edýän karar kabul etdi.
Şeýle jenaýatlardan ejir çekenleri hormatlamak we bu meselä düşünmek üçin 19-njy iýun Halkara konfliktlerdäki jynsy zorlugy ýok etmek güni hökmünde kesgitlendi.
"Häzirki kontekste we Ukraina seretsek, gaty üýtgeşik bir zady görýäris. Uruş dowam edýärkä, eýýäm günäkärleri [zorlamak ýaly jyns zorlukly jenaýat jogapkärçiligine çekýändiklerini) görýäris. Bu hakykatdanam medeniýetiň üýtgemegini görkezýän bir zat" - diýip, Fellin belledi.
Emma ol özgerişiň haýal gelýändigini boýun alýar. Şeýle hem, ol konflikt bilen baglanyşykly jynsy zorluk mesele bolup galsa-da, problemanyň ewolýusiýasynyň möhümdigini, sebäbi "mentalitetiň üýtgemegi barada" habar berýändigini aýdýar.
Ukrainanyň Baş prokuraturasynyň maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Russiýa giň gerimli çozuşyna başlaly bäri, konflikt bilen baglanyşykly jyns zorlugynyň dokumentleşdirilen 363 wakasy hasaba alnypdyr.
Deňeşdirmek üçin, Bosniýa-Gersegowinada 1992-95-nji ýyllardaky söweşde azyndan 20 000 aýalyň zorlanandygy çak edilýär.
Positiw netijeler
"Meseläni nähili çözmelidigi barada hakykatdanam oňyn netijeleri gördük" - diýip Fellin belledi.
Emma bu üýtgeşiklik, Tursunowiç we Suljewiç ýaly bosniýaly aýallara adalaty gazanmakda az kömek etdi.
Bosniýa urşunda günäkärleriň az sanlysy jezalandyryldy.
2017-nji ýylda Uruş jenaýatlary boýunça halkara tribunaly ýapylanda uruş döwründe eden jynsy zorlukda 40-dan az adam aýyplandy. Käbir sud işleri ýerli sudlarda dowam etse-de, pidalaryň köpüsi henizem adalata garaşýarlar.
"Maňa we maşgalamyza garşy edilen jenaýatlar üçin hiç kim jezalandyrylmady. Men ýakyn maşgalamyň 13 agzasyny ýitirdim" - diýip, Kaloper Oruli aýtdy.
"Şaýatlar ölýär, günäkärler ölýär, olar jogapkärçilige çekilýänçä uzak ýaşamazlar".
Tursunowiç hiç haçan ýazuwçy bolup bilmedi.
Häzir ol senetçilik bilen meşgullanýan birleşigiň prezidenti. Ol zorlanandan 17 ýyl soň, diňe 2009-njy ýylda, özüne näme bolandygyny aç-açan gürrüň bermek kararyna geldi.
"Men beýleki aýallar sebäpli aç-açan gürläp başladym. Olaryň gorkudan gürlemeýändiklerine gynanýaryn" -diýip, Tursunowiç aýtdy.
Tursunowiç ýaly, Suljewiçe hem başdan geçirenlerini paýlaşmagy üçin ençeme wagt gerek boldy. Soňra bolsa uruş trawmasy barada şaýatlyk eden ilkinji aýallaryň biri boldy.
Ol 2016-njy ýylda uruş döwründäki jyns zorlugyndan aman galan aýallara goldaw ulgamyny döretmek we olara şikesleri barada erkin gürleşmek hem-de özlerini güýçli duýmak üçin bir jemgyýetçilik guramasyny döretdi.
"Öz üstüňde işlemek bejeriň gaty möhümdir. Ilki muny bilmeýärdim. Ýöne gowulaşýandygymy görüp, beýleki aýallara maslahat berip başladym, sebäbi men meňzeş ýagdaýy başdan geçirenleriň köpüsini tanaýaryn" -diýýär.
Zorlanmagy başdan geçiren aýallar etçeme zady isleseler-de, olar üçin iň zerury adalatdyr diýip, Suljewiç belledi.
"Biz az-kem kanagatlanardyk. Biz birnäçe ýyl rahat we asuda ýaşap bilerdik, bu biziň soraýan zadymyz."
Forum