Mertebäniň simwoly Bosniýadaky urşy ýatlaýar
20 ýyldan gowrak mundan öň suratçy Saraýewonyň ýaşaýjysy Meliha Waresanowiçiň suratyny alypdy. Meliha golaýynda harbylaryň ok atyşygyna garamazdan beýik ökjeli we şaý-sepli arkaýyn barýardy. Tutuş dünýä belli bolan bu surat Bosniýadaky uruş tragediýasynda mertebäniň simwolyna öwrülipdi. Waresanowiç AÝ/AR-nyň Balkan gullugyndan Aida Dzugum bilen söhbetdeş bolup, Saraýewonyň gabawy barada öz ýatlamalaryny beýan etdi.