Tramp Putine: “Ilki Russiýa bilen meseläňi çöz, soňra Eýran barada pikir edersiň” diýip teklip etdi

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 17-nji iýunda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly geçiren söhbetdeşligi barada žurnalistlere gürrüň berdi.

Trampyň aýtmagyna görä, Russiýanyň prezidenti Ýakyn Gündogardaky konfliktiň çözülmeginde araçy hökmünde çykyş etmegi teklip edipdir. “Men onuň bilen düýn gürleşdim. Ol hakykatdan-da özüniň araçylyk etmegini teklip etdi. Men oňa şeýle diýdim: maňa bir ýagşylyk et-de, özüňe araçylyk et. <…> Men oňa şeýle diýdim: Wladimir, gel, ilki Russiýa bilen meseläňi çözeli, bu mesele barada bolsa soňrak pikir edip bilersiň” diýip, Tramp aýtdy.

Mundan öň, Waşington we Kiýew Russiýany Ukrainadaky ok atyşyklary bes etmäge çagyrdy, emma Moskwa bu teklibi kabul etmedi.

Tramp eger-de şol döwür özi prezident bolan bolsady, Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň asla başlamajakdygyny gaýtalady.