Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 24-25-nji iýun aralagynda Türkmenistana resmi sapar bilen geler. Bu barada Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat wekili Mariýa Zaharowa mälim etdi diýip, 19-njy iýunda Interfax gullugy habar berdi.
"Taraplar göz öňünde tutulýan ýokary derejeli syýasy duşuşyklary, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer pudaklaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar" diýip, Zaharowa 19-njy iýunda Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilen brifingde aýtdy.
Şeýle-de, ol: “Sebitara meseleler, dünýäde dowam edýän ýagdaýlar we iki ýurduň köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly pikir alyşmalar hem geçiriler” diýip belledi.