ABŞ-nyň konsullyk işgärleri student wizalaryna ýüz tutýanlaryň sosial ulgamlaryndaky hasaplaryny barlar. Munuň olaryň hataryndan Birleşen Ştatlara garşy “duşmançylyk duýgularyny” öňe ilerledýänleri ýüze çykarmak maksady bilen amal edilýändigi bellenilýär.
18-nji iýunda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekilleri tarapyndan berlen maglumata görä, bu kategoriýalara degişli dalaşgärleriň ählisinden sosial media hasaplaryny elýeterli görnüşde hödürlemek talap ediler. Amerikan konsullyk işgärlerine, dalaşgärleriň ABŞ-nyň raýatlaryna, medeniýetine, hökümetine, institutlaryna we esaslandyryjy ýörelgelerine garşy duşmançylyk görkezýän islendik alamatlaryny ýüze çykarmak boýunça görkezmeler berildi.
Studentler we çakylyk bilen gelen alymlar üçin wizalara ýüz tutmak we olary işläp taýýarlamak prosesi, takmynan bir aý öň togtadylypdy, indi bolsa täze talaplar bilen gaýtadan başlady.
Bellesek, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine gadaganlyk girizildi. Amerikan häkimiýetleriniň düşündirişine görä, bu çäreler käbir ýurtlaryň raýatlarynyň ABŞ-nyň wiza düzgünlerini köpçülikleýin bozmagy bilen baglylykda kabul edildi.
Resmi Aşgabat Birleşen Ştatlaryň kararyna “aşa düşünişmezlik” we “alada” bildirdi.